«Oxford Economics» seljeriş merkeziniň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan dünýä şäherleriniň durmuş derejesi boýunça sanawynda Awstraliýanyň paýtagty Kanberra birinji orny eýeledi. Şäher bu ugurda mümkin bolan iň ýokary görkezijini — 100 utugy toplady. Ýöne, muňa garamazdan, ol «Global Cities Index» atly umumy sanawda 45-nji orunda ýerleşýär.
Şäherlere baha berlende ilatyň girdejisi we onuň paýlanyşy, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi, adamlaryň ortaça ömür dowamlylygy, jenaýatçylyk derejesi, şeýle hem dynç alyş we medeni ýerleriň sany göz öňünde tutuldy.
Seljerijileriň pikirine görä, Kanberranyň ýokary görkezijileri, ilkinji nobatda, zähmet haklarynyň ýokary bolmagy, girdejileriň arasyndaky tapawudyň azlygy we döwlet edaralarynda durnukly iş orunlarynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr.
Durmuş derejesi boýunça düzülýän sanawda Ýewropanyň şäherleri öňdäki orunlary eýeleýär. Iň gowy 30 şäheriň arasynda Ýewropadan başga yklymlarda ýerleşýän diňe ýedi şäher bar. Olaryň hatarynda Sidneý, Singapur, ABŞ-nyň San-Hose we Sietl, şeýle hem Taýwanyň Sinçžu we Taýbeý şäherleri görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýaşamak üçin amatly hasaplanýan käbir şäherler ýaşaýyş jaýlarynyň gymmatlygy sebäpli, bu sanawda yzky orunlarda ýerleşýär. Mysal üçin, Kopengagen «Global Cities Index» umumy sanawynda 18-nji orny eýeleýän bolsa, durmuş derejesi boýunça 160-njy ýerde durýar. Wankuweriň görkezijileri, degişlilikde, 24-nji we 215-nji orunlara deňdir.
Görşümiz ýaly, iki şäherde-de ýaşaýyş jaýlaryna edilýän çykdajylaryň ýokary bolmagy umumy netijä düýpli täsir edipdir.