Beýik britaniýaly Karl Buşbi 28 ýyllap dowam eden pyýada syýahatyndan soň ýurduna dolandy. Öňki paraşýutçy, takmynan, 50 müň kilometr ýol geçip, 29 ýurtda we çäkde boldy. Syýahatynyň soňky tapgyrynda bolsa La-Manş bogazyndan ýüzüp geçdi. Bu barada ITV News habar berýär.
57 ýaşly Buşbi 1998-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Çiliniň Punta-Arenas şäherinden ýola düşdi. Ol öz öňünde hiç hili ulagdan peýdalanmaryn we tä dünýäni aýlanyp çykýançam Beýik Britaniýa dolanmaryn diýen iki şerti goýdy.
Şu ýyllaryň dowamynda ol Günorta Amerikany kesip geçdi, Darýen boşlugyndan geçip, Alýaska ýetdi. Soňra gündogardan günbatara tarap Bering bogazyndan geçip, Sibirde, Mongoliýada we Hytaýda boldy. Şeýle-de ol 31 gününi sarp edip, Hazar deňzini hem gulaçlady.

Syýahatçy La-Manş bogazynyň aşagyndan geçýän geçelge arkaly ýoluny dowam etdirmek isledi, ýöne howpsuzlyk sebäpli oňa rugsat berilmedi. Şeýlelikde, ol bogazdan ýüzüp geçmek üçin Fransiýanyň häkimiýetlerinden ýörite rugsat aldy. Güýçli ýel sebäpli bu geçiş üç gün dowam etdi, onuň suwda geçiren umumy wagty bolsa 20 sagada golaý boldy.
5-nji oktýabrda Buşbi Duwr şäheriniň günortasynda ýerleşýän Şekspir kenaryna çykdy. Ol ýerde ony garyndaşlary we dostlary garşylady. Olaryň arasynda ekspedisiýa barada «Walk of Life» atly dokumental filmi düşürýän režissýor Werner Hersog hem bardy.
«Bu aňsat düşmedi. Ýöne esasy maksat hem şoldy. Men özümiň pikir edişimden-de has köp zady başarýandygymy subut etmelidim» diýip, syýahatçy gürrüň berýär.
Aslynda, onuň syýahaty heniz doly tamamlananok. Buşbi entek Hull şäherinde ýaşaýan ejesiniň öýüne çenli pyýadalap barmaly. Ol bellenen ýere bir aýyň içinde ýetmegi niýet edýär.
