Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow senagatda ýokary tehnologiýaly önümleriň paýyny artdyrmagy, döwrebap tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrmagy hem-de maglumat merkezlerini we müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada 18-nji noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny durmuşa geçirmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol ýurduň ähli welaýatlarynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça meýilnamalary hödürledi.
Ahal welaýatynda gurluşyk materiallarynyň, himiýa we energetika önümleriniň önümçiligini artdyrmak, gazhimiýa önümçiligini giňeltmek, şeýle hem aýna, dokma we azyk önümlerini öndürýän täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.
Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny gurmak, ýoduň, bromuň we duzuň dürli görnüşleriniň önümçiligini ösdürmek, şeýle hem energetika kuwwatyklaryny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Daşoguz welaýatynda gazhimiýa pudagyny we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegi, Lebap welaýatynda bolsa kükürdiň, kaliý we daş duzlarynyň ýerli gorlarynyň esasynda dag-magdan senagatyny ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Mary welaýatynda hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilik kärhanalaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow senagaty mundan beýläk-de ösdürmek üçin döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýetini belledi. Ol ýokary tehnologiýaly önümleriň öndürilişini artdyrmagy tabşyrdy.
Şeýle hem türkmen önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin Gündogar — Günbatar ugry boýunça Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýtmagyna görä, bu çäreler senagat diplomatiýasyny ösdürmäge we daşary ýurt döwletleri hem-de kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.