17-nji noýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, gurama agza döwletleriň parlament ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew hem-de Baş sekretary Roberto Montella gatnaşdy.

Çykyşlarda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň BMG-niň Tertipnamasyndaky wezipeler bilen utgaşýandygy we halkara gatnaşyklarda ynanyşmak medeniýetini berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Maslahatyň «Özygtyýarlygyň deňligi we umumy ýörelgeler. Halkara hukugy goldamakda parlament diplomatiýasy» atly birinji mejlisinde halkara hukugy berkitmek we BMG-niň köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açjakdygy bellenildi.
18-nji noýabrda maslahat öz işini «Daşky gurşawyň howpsuzlygy, howanyň durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak: halkara hukugy we parlament işi» hem-de «Tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamak: howpsuz, ynsanperwer we demokratik geljek üçin halkara hukugy we parlament dolandyryşy» atly mejlislerde dowam eder.
Günüň ikinji ýarymynda Aşgabat maslahatynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.