7 halta altyn we 15 metrlik karýer: Gazagystanda bikanun altyn gazyp almak işiniň öňüni aldylar

Düýn, 20:026,567

Gazagystanyň Abaý welaýatynyň Žarma etrabynda bikanun altyn gazyp almak bilen meşgullanan toparyň işi paş edildi. Bu iş boýunça dokuz adam derňew astyna alyndy. Bu barada Gazagystanyň Maliýe monitoringi agentligine salgylanyp, Zakon.kz neşiri habar berýär.

Bikanun işler Žangyztöbe obasyndan, takmynan, 10 kilometr uzaklykda degişli rugsatnama bolmazdan alnyp barlypdyr. Altyn magdany açyk usulda gazylyp alnyp, ýörite enjamlaryň kömegi bilen ýuwlup arassalanypdyr. Bu ýerde çuňlugy 15 metre ýetýän karýer ýüze çykaryldy.

Maliýe monitoringi agentliginiň maglumatyna görä, bikanun gazyp alnan dag jynslarynyň umumy möçberi 12 müň kub metrden geçipdir. Zeper ýeten hasylly toprak gatlagynyň meýdany bolsa 4 müň inedördül metrden geçýär.

Operatiw-agtaryş çäreleriniň dowamynda güman edilýän adamlardan magdany ýuwmak we owratmak üçin niýetlenen enjamlar, düzüminde altyn bolan ýedi halta, iki sany metal gözleýji enjam, iki sany ýük ýükleýji we ekskawator ele salyndy.

Derňew işleri dowam edýär. Gazagystanyň Maliýe monitoringi agentligi ýurduň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 201-nji maddasyna laýyklykda, işiň beýleki jikme-jikliklerini häzirlikçe mälim etmeýär.