23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gaziza Žubanowa adyndaky Aktobe oblast filarmoniýasynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda «Dostluk ýoly» atly konsert geçiriler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Konsert sagat 19:30-da başlar we isleg bildirýänleriň ählisi üçin açykdyr.
Aýdym-saz agşamynda Ahmet Žubanow adyndaky gazak halk saz gurallary orkestriniň, «Akku» tans toparynyň hem-de «Dauys» wokal toparynyň çykyşlary hödürlener.

Konsert maksatnamasy Gazagystanyň aýdym-saz däplerini hem-de baý milli medeniýetiniň ajaýyp eserlerini öz içine alýar.