Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi

Düýn, 20:261,627
1 / 3

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Bu çäre Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we dostlugy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň nyşany boldy.

Dabara Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow, daşary ýurtly diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. 

Ilçi öz çykyşynda bu gymmatly eseriň azerbaýjan diline terjime edilmeginiň azerbaýjanly okyjylara Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesi, parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri, adalatlylyk ýörelgeleri we türkmen halkynyň belent häsiýetleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty netijesinde iki doganlyk ýurt bu gün berk, sarsmaz strategik hyzmatdaşlardyr.

Ýakynda Aşgabatda «Ene-Tebigat» halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasyna Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa gatnaşypdy. Şol dabaranyň yzysüre bu tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky ruhy-medeni köprüleriň barha berkeýändigini aýdyň görkezýär.