21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dabaraly çäre Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy we harby gullukçylaryň edebi-sazly çykyşlary bilen başlandy. Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny kesdi.


Täze toplum dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan we ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, awtoulag duralgasyndan hem-de gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat.

Döwlet Baştutany toplumyň dolandyryş binasynyň okuw türgenleşik otagyna baryp, döwrebap ýaraglar, uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Binanyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ölçeglerine we harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Hormat ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra Serdar Berdimuhamedow harby bölümiň Lukmançylyk nokady, esgerler ýatakhanasy we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde harby gullukçylaryň saglygyny berkitmegi, dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Otaglarda döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary, şeýle-de ýokary hilli mebeller we abzallar ornaşdyryldy.

Täze binalar toplumynyň naharhanasy hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, bu ýerde nahar taýýarlamak hem-de azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar we ammarlar bar.
Toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga hem göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaýyna göçüp gelen harby gullukçy N.Kowusow we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Prezident olara sowgatlary gowşuryp, ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Serdar Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutany toplumyň çägindäki sadaka jaýyna we söwda nokadyna hem baryp gördi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew täze toplumy gurduryp berendikleri üçin ýurt ýolbaşçylaryna ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow hemmelere harby gullukda hem-de Watanyň asudalygyny üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipelerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.