Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Şu gün, 04:49546
1 / 3

19-njy oktýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda çagalaryň saglygyny goramak, inklýuziw bilim we maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermek ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oguljahan Atabaýewa türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygyny belläp, iki gaznanyň arasynda tejribe alyşmagyň we özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Onuň bellemegine görä, çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goldaw bermek ulgamlarynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşykda Aşgabatda açylmagy meýilleşdirilýän «Ene — tebigat» atly halkara sungat sergisine hem aýratyn üns berildi. Ilkinji gezek 2024-nji ýylyň noýabrynda Bakuwda COP29 maslahatynyň çäginde görkezilen bu sergi soňra Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada we Ispaniýada hem gurnaldy.

Oguljahan Atabaýewa serginiň sungatyň üsti bilen medeni gymmatlyklary we daşky gurşawy goramak meselelerini bir ýere jemleýändigini, adamlary tebigata jogapkärçilikli garamak barada oýlanmaga çagyrýandygyny belledi.

Leýla Aliýewa hem öz gezeginde iki ýurduň taryhy we medeni mirasynyň umumylygyny, şeýle hem Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi ýaly ekologik meseleleriň wajyplygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we serginiň Türkmenistanda üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler.