Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow edebiýat, medeniýet, sungat işgärleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bu däp bolan bäsleşik ýurtda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleri, Garaşsyzlygyň 36 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýetini, milli medeni mirasy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Resminama laýyklykda, bäsleşigiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.
Döwlet Baştutany Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 36 ýyllyk baýramy mynasybetli 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener. Kararyň doly teksti «Edebiýat we sungat» gazetinde çap ediler.