Öwrenje aýdymçy stadionda belli ýyldyza derek 2 sagat çykyş edip, özi meşhurlyk gazandy

Şu gün, 16:583,216
1 / 2

Hytaýly öwrenje aýdymçy Hou Lan tomaşaçydan doly stadionda Gonkongyň meşhur aýdymçysy Haken Liniň ýerine iki sagatlap çykyş edenden soň, garaşylmadyk ýagdaýda meşhurlyga eýe boldy.

South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, konsertden soň iki hepdäniň dowamynda Hou Lanyň sosial ulgamlardaky 10 müňe-de ýetmeýän yzarlaýjylarynyň sany 420 müňe ýetdi.

Gonkongyň we Taýwanyň 6 aýdymçysynyň gatnaşmagyndaky konsert 26-njy sentýabrda Içki Mongoliýanyň Baotou şäherinde geçirildi. Haken Li konsertiň ahyrynda çykyş etmelidi, ýöne onuň uçary doly ýagmagy zerarly başga şähere gonmaly bolýar. Netijede, aýdymçy öz kärdeşleri bilen konsert geçirilýän ýere tarap takside ýola düşýär. Olar, takmynan, 570 kilometr ýol geçýär. Ýolda elektroulagyň zarýadynyň çökmegi aýdymçylaryň has-da gijä galmagyna sebäp bolýar.

Guramaçylara 33 ýaşly Hou Lana ýüz tutmakdan başga alaç galmaýar. Şol wagt dostlary bilen agşamlyk naharyny iýip oturan Hou Lan dessine kömek etmäge razy bolýar we ilki taksä, soňam kireýine alan welosipedine atlanyp, stadiona gelýär.

Duýdansyz çykyş etmeli bolansoň, Hou Lan konsertiň ses sazlaýjysyna aýdymlaryň sanawyny berýär-de, geýip gelen adaty eşiginde sahna çykýar. Ilkibaşda ondan diňe ýarym sagatlyk çykyş etmek haýyş edilse-de, ol soňlugy bilen, hiç hili arakesmesiz, öňünden taýýarlyk görmezden iki sagatlap aýdym aýtmaly boldy.

Ondan öň onuň çykyşlaryna gelýän tomaşaçylaryň sany 5 müňdenem geçmeýän ekeni.

«Men şol pursat başga zadyň pikirini etmän, diňe her aýdymy ýürekden aýtmaga çalyşdym» diýip, Hou Lan gürrüň berýär.

Tomaşaçylaryň biriniň aýtmagyna görä, diňleýjiler aýdymçydan biraz dynç almagy we suw içmegi-de haýyş edipdirler. Muňa garamazdan, tomaşaçylaryň tas hiç biri konsertden gitmändir.

Haken Li ahyrynda konsert geçirilýän ýere gelende, gijä galandygy üçin tomaşaçylardan ötünç sorap, dokuz gezek baş egipdir we özüniň alty sany meşhur aýdymyny ýerine ýetiripdir. Konsertden soň ol Hou Lana minnetdarlyk bildirip, ony gujaklapdyr.

«Özüme şeýle bir buýsanýan. Konsertiň geçmegine kömek etdim, üstesine-de öz halypa hasaplaýan aýdymçym bilen bir sahnada çykyş etdim» diýip, Hou Lan begenjini paýlaşýar.