Aşgabatda daşary ýurtly ýyldyzlaryň konsertine goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

Şu gün, 18:231,849

9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň konserti geçiriljek «Aşgabat» stadionyna goşmaça awtobus ugurlary ýola goýlar.

Sagat 14:00-dan başlap stadionyň ýanyndaky duralga Gurtly — Parahat ugurly 14-lik awtobus we Wokzal — «Arkadag» oteli ugurly 54-lük awtobus barar.

Häzirki wagtda Bagtyýarlyk köçesindäki duralga 142 we 57 belgili awtobuslar gatnaýar:

  • 142-lik awtobus Gurtly — Kardiologiýa merkezi ugry boýunça gatnaýar we Gurtly tarapdan gelende stadionyň ýanynda saklanýar.
  • 57-lik awtobus Awtokombinat — «Arkadag» oteli aralygynda gatnaýar we Awtokombinat tarapdan geleninde duralga barýar.

Gatnawlaryň wagt aralygy şeýle bolar:

  • №14 — 7 minut;
  • №54 — 14 minut;
  • №57 — 10 minut;
  • №142 — 25 minut.

Goşmaça ugurlar 9-njy oktýabrda konserte gitjek tomaşaçylaryň amatlylygy üçin ýola goýuldy. Ýatlap geçsek, paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin türkiýeli pop-ýyldyzlar Murat Boz we Hadise, russiýaly aýdymçy Nýuşa hem-de liwanly ýerine ýetiriji Maýa Diab çykyş eder.