21-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylmagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Ol gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň hilini has-da gowulandyrmak, binalaryň döwrebaplaşdyrylyşyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ikinji tapgyrda ýerine ýetirilýän gurluşyklary tamamlamak möhletlerini uzaltmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we dürli maksatly desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, alnyp barylýan işleriň hut şu ýörelgelere esaslanmalydygyna ünsi çekdi.
Gurluşyk işleriniň möhletlerini uzaltmak bilen baglanyşykly meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşmalydygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda döwlet Baştutanyna ýüzlenmegiň maksada laýyk boljakdygyny nygtady.