Dekabr baýramçylyklary mynasybetli söwda nokatlarynyň guraljak senesi belli boldy

Şu gün, 21:53204

Şu ýylyň 5-nji dekabryndan Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary başlanar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda söwda toplumy tarapyndan dekabr baýramçylyklaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, görkezilen seneden başlap, ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda we dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, şeýle hem göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer bu ugurda taýýarlanan degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli bazarlarda göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany bazarlary we dükanlary azyk önümleri hem-de dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen doly üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.