Abu-Dabiniň jenaýat kazyýeti russiýaly MMA söweşijileri Usman we Umar Nurmagomedowlaryň gatnaşmagynda bolan köpçülikleýin uruş boýunça iş kesilen sekiz adamyň jezasyny ýeňilleşdirip, olary tussaglykdan boşatdy. Bu barada Abu-Dabiniň kazyýet departamenti sosial torlarda habar berdi.
Täze çözgüde laýyklykda, aýyplanýanlaryň her biri 150 müň dirham (takmynan, 41 müň dollar) möçberinde jerime tölemäge borçly edildi.
Kazyýet departamentiniň beýanatynda: «Taraplaryň ýaraşmagy, özara nägileliklerden ýüz öwürmegi, şeýle hem zyýan çekeniň aýyplanýanlary boşatmak haýyşy bilen Abu-Dabiniň häkimiýetlerine ýüz tutmagy şeýle netijä getirdi» diýlip bellenilýär.
Ýatlap geçsek, 11-nji noýabrda UFC-niň öňki çempiony Merab Dwalişwili ýeňil agramda PFL-iň çempiony Usman Nurmagomedowy we onuň ýoldaşlaryny Abu-Dabidäki myhmanhanada özüne topulmakda aýyplapdy. Şol waka bilen baglylykda Abu-Dabiniň polisiýasy tarapyndan ýakalaşyga gatnaşan sekiz adam hem-de wakany wideoýazga düşüren ýene iki adam tutuldy.
Ilkinji çykarylan höküme görä, Usman Nurmagomedow we beýleki ýedi adam soňra ýurtdan çykarylmak şerti bilen alty aýlyk azatlykdan mahrum edilip, olara 300 müň dirham jerime salnypdy, Dwalişwilä we Saba Lazişwilä bolsa 50 müň dirham jerime salnyp boşadylypdy.
Tussag edilenleriň ählisiniň atlary aýan edilmedi, ýöne soň olaryň arasynda Usmanyň süýtdeş dogany, UFC-niň söweşijisi Umar Nurmagomedowyň hem bardygy barada maglumatlar peýda boldy.
Usman we Umar Nurmagomedowlar ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanlarydyr.