Russiýaly MMA söweşijisi Usman Nurmagomedow UFC-niň iň ýeňil agram derejesindäki öňki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwilä garşy köpçülikleýin urşa gatnaşandygy üçin Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 6 aý möhlet bilen tussag edildi. Bu barada UAE BARQ media kompaniýasy habar berýär.
Ýatladyp geçsek, iki türgeniň arasyndaky dawa 11-nji noýabrda myhmanhananyň eýwanynda bolup geçdi. Merab Dwalişwili özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýaralanyp, mese-mälim çişen ýüzüni görkezip wideo paýlaşdy. Gruziýaly söweşijiniň aýtmagyna görä, ol RAF (Real American Freestyle) promouşeniniň metbugat gullugyna interwýu berýän wagty, Usman we onuň ýanyndaky birnäçe adam arkadan gelip, onuň üstüne topulypdyr.
Wakanyň yzysüre Abu-Dabiniň Polisiýa müdirliginiň işgärleri dawa gatnaşan sekiz adamy tussag etdiler. Şeýle-de, bolup geçen wakany wideo düşüren iki adam hem saklandy.
Abu-Dabiniň Jenaýat işleri boýunça kazyýeti günäkärlenýänleriň altysyny 6 aý azatlykdan mahrum etmek we her birine 300 müň dirhem möçberinde jerime salmak barada karar çykardy. Jeza möhleti tamamlanandan soň olaryň ýurtdan çykarylmagy hem göz öňünde tutulýar.
Olar jemgyýetçilik tertibini bozmakda, ilat arasynda howsala döretmekde we adamlaryň janyna howp salmakda günäkär diýlip ykrar edildi.
Dawa gatnaşan ýene iki adama jemgyýetçilik tertibini bozandygy we beýleki adamlaryň saglygyna zyýan ýetirendigi üçin 50 müň dirhem möçberinde jerime salyndy.
Wideolary internetde paýlaşmakda günäkärlenýänleriň ikisi hem 6 aý azatlykdan mahrum edildi. Kazyýet olaryň hersine 300 müň dirhem jerime salmak, telefonlaryny döwlet haýryna geçirmek we wideo ýazgylaryny pozmak barada karar çykardy.