Awstraliýaly söweşiji Tom Nolan Las-Wegasda geçirilen UFC Fight Night 292 ýaryşynyň baş söweşinde braziliýaly Renato Moýkanodan üstün çykdy. Ýeňil agram derejesindäki tutluşyk üçünji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy.
Ilkinji iki raundda Moýkano artykmaçlyk görkezdi. Braziliýaly söweşiji garşydaşyny birnäçe gezek ýykyp, amatly taraplardan hüjüm etdi we hatda bogmak usulyny ulanmaga-da synanyşdy. Emma ikinji raundyň ahyrynda Nolan garşydaşyna dyz bilen güýçli zarba urup, tä arakesmä çenli hüjümini dowam etdi.
Üçünji raundda awstraliýaly söweşiji özüni gaýtadan ýykjak bolmaga synanyşan Moýkanodan emel bilen sypmagy başardy. Soňra ol garşydaşynyň üstüne münüp, oňa ýumrugy we tirsegi bilen urgy baryny ýagdyrdy. Netijede, emin söweşi saklady.
26 ýaşly Nolan üçin bu ýeňiş yzygiderli 6-njy, professional karýerasynda bolsa 12-nji ýeňiş boldy. Onuň hasabynda bary-ýogy bir ýeňliş bar.
37 ýaşly Moýkano soňky dört söweşinde üçünji gezek ýeňildi. Onuň professional karýerasynda 21 ýeňiş, 8 ýeňliş we bir deňme-deň netije bar.
Ikinji derejeli söweşde ýarym orta agramda amerikaly söweşiji Jeýkobi Smit ýamaýkaly Rendi Braundan eminleriň biragyzdan gelen karary bilen üstün çykdy.
UFC Fight Night 292 ýaryşynyň esasy kardynyň beýleki netijeleri:
Kodi Darden (ABŞ) Ode Ozborny (Ýamaýka) eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi — 29:28, 29:28, 29:28.
Luana Santos (Braziliýa) Ýana Santosdan (Russiýa) eminleriň biragyzdan gelen karary bilen üstün çykdy — 29:28, 29:28, 29:28.
Žan-Pol Lebosnoýani (ABŞ) Farman Hasanowy (Azerbaýjan) üçünji raundda lukmanyň karary bilen söweş togtadylandan soň, tehniki nokauta giderip ýeňdi.