Prates bilen Moralesiň tutluşygynda Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy kesgitleniler

Düýn, 15:204,790

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda belli bolar. Torontoda geçiriljek UFC 336 ýaryşynda braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Morales duşuşar.

Olar bu agram derejesiniň reýtinginde, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýeleýärler. Söweşde Mahaçew bilen duşuşmak hukugyndan başga-da, wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar.

Mahaçew öz agram derejesinde öňdeligi eýelemek bilen birlikde, UFC-niň agram derejesine garamazdan düzülen umumy reýtinginde hem birinji orunda durýar. Ol iň soňky gezek awgust aýynda oktagona çykdy. Şonda russiýaly söweşiji irlandiýaly Ian Gerri bilen bolan duşuşykda ýeňiş gazanyp, ýarym orta agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorady. Ondan öň Mahaçew ýeňil agram derejesinde, ýagny 70 kilograma çenli agramda çykyş edýärdi.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň aýtmagyna görä, gurama Mahaçewiň indiki söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdir. Emma çempion Remezan aýy tamamlanýança söweşmekden ýüz öwrüpdir. 2027-nji ýylda Remezan aýy 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam eder.

Mahaçewiň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, UFC Prates bilen Moralesiň arasyndaky söweşiň derejesini ýokarlandyrdy. Indi bu duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem oýnalar.

Braziliýaly Karlos Prates yzly-yzyna üç gezek nokaut bilen ýeňiş gazandy. Ol Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena bilen bolan söweşlerde garşydaşlaryny nokauta giderdi.

Ekwadorly ýeňilmezek Maýkl Morales UFC-de ýedi gezek ýeňiş gazandy. Ol soňky söweşinde Şon Bredini birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Torontoda geçiriljek UFC 336 ýaryşynda guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan hem oktagona dolanyp, öz çempionlyk guşagyny gorar. Mýanmaly söweşiji Angolada doglup, Portugaliýa wekilçilik edýän Man el Kape bilen çempionlyk ugrundaky söweşde duşuşar.