Rumyniýanyň söweş guramasy kurýerleriň arasynda tutluşyk geçirdi

Şu gün, 04:291,449
1 / 2

Rumyniýanyň Real Xtreme Fighting (RXF) söweş guramasy Braşow şäherinde Wolt we Uber Eats iýmit eltip berme hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kurýerleriň arasynda adaty bolmadyk tutluşyk geçirdi. Söweşijiler arkalaryna uly kurýer termotorbalaryny dakyp, oktagona çykdylar.

Guramaçylar bu tutluşyk üçin ýörite düzgünleri-de oýlap tapdylar. Düzgüne laýyklykda, garşydaşy nokauta düşürmek bilen birlikde, onuň torbasyny almak hem ýeňşiň hasabyna ýazyldy.

Oktagona Alex Fast we Mexicanu lakamlary bilen çykyş edýän kurýerler çykdy.

Gatnaşyjylaryň hiç biri garşydaşynyň torbasyny alyp bilmedi. Emma üçünji raundyň öňüsyrasynda Alex Fast söweşi dowam etdirmekden ýüz öwürdi. Netijede, ýeňiş Mexicanu-wa berildi.

Tutluşyk RXF ýaryşynyň çäklerinde geçirildi. Bu gurama adaty bolmadyk söweş görnüşleri bilen yzygiderli ünsi özüne çekip gelýär. Guramaçylar sosial ulgamlarda giňden ýaýraýan beýleki üýtgeşik ýaryşlary hem geçirýär.