Gitleriň Alp daglaryndaky rezidensiýasyny ot aldy

Düýn, 22:151,992
1 / 4

Bawariýanyň Alp daglarynda «Bürgüt höwürtgesi» diýlip atlandyrylýan Kelştaýnhaus taryhy binasyny ot aldy. Bu binadan 1930-njy ýyllaryň ahyrynda Adolf Gitler peýdalanypdy. Ýangyn 23-nji oktýabryň agşamy başlady we ýangyn söndürijiler ýetip gelýänçä binany tutuşlygyna gurşap aldy diýip, Germaniýanyň «Tagesschau» telekompaniýasy habar berýär.

Ýangyny söndürmäge halas ediş gulluklarynyň 200 töweregi işgäri gatnaşdy. Binanyň barmasy kyn daglyk ýerde ýerleşmegi işi has-da kynlaşdyrdy. Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ody söndürmek işleri 24-nji oktýabryň irdenine çenli dowam etdi.

Polisiýa binanyň bilkastlaýyn ýakylan bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürýär. «Bild» neşiriniň maglumatyna görä, gyssagly kömek gulluklarynyň işgärleri ýangyn bolan ýere barýan wagtlary ýolda şübheli motosikl sürüjisini görüp, ony tussag etdiler. Ol Berlinde ýaşaýan 33 ýaşly erkek adam bolup çykdy. Häzirki wagtda onuň bu waka dahylynyň bardygy ýa ýokdugy derňelýär.

Kelştaýnhaus 1937–1938-nji ýyllarda Oberzaltsberg daglyk zolagynda, nasist ýolbaşçylarynyň öňki toplumynyň çäginde gurlupdy. Bu bina köplenç Gitleriň rezidensiýasy hökmünde görkezilýär. Emma taryhçylar onuň bu ýere seýrek gelendigini belleýärler. Ilkibaşda bina daşary ýurtly myhmanlary we diplomatlary kabul etmek üçin niýetlenipdir. Soňra bolsa Gitleriň ýakyn adamlary binany dynç almak we hususy çäreleri geçirmek üçin ulanypdyrlar.

Häzirki wagtda Kelştaýnhaus Bawariýanyň Alp daglarynyň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýar. 1952-nji ýyldan bäri bu ýerde restoran işleýär.

Polisiýanyň deslapky maglumatyna görä, ýangyn wagtynda hiç kim şikes almandyr. Ot alan wagty binanyň içinde adam ýok eken.