«Ray of Sun Pictures» kinokompaniýasy görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Aýtmatow» atly terjimehal filminiň treýlerini köpçülige hödürledi. 15-nji oktýabrda bu film Gyrgyzystanyň kinoteatrlarynda görkezilip başlady, daşary ýurt prokatyna bolsa noýabrda çykarylar.
Filmdäki wakalar 1979-njy ýylda bolup geçýär. Şol döwürde Aýtmatow «Asyra barabar gün» romanyny tamamlaýar. Emma senzura sebäpli eseriň çap edilmegi sorag astynda galýar.
Ýewropa saparynyň dowamynda Aýtmatowda Günbatar ýurtlarynda galmaga şert döreýär, ol ýerde ýazyja döredijilik azatlygy, dünýä derejesinde ykrar edilmek we hiç hili çäklendirmesiz bol-elin durmuşda ýaşamak mümkinçiligi garaşýar. Emma bu teklip Aýtmatowy gaýtadan geçmişe dolaýar. Ol kakasynyň Stalin döwrüniň tutha-tutlugynda öldürilişini, hupbatly çagalyk ýyllaryny, ilkinji söýgüsini, maşgalasyny we üstünlige çenli geçen uzak ýoluny hakydasynda aýlaýar.
Ýadyny ýitiren adamyň — «mankurtyň» keşbi barada oýlanmak bilen, Aýtmatow hakyky azatlygyň hakydasyz, köküňden üzňelikde we öz halkyň öňündäki borjy duýmazdan mümkin däldigine düşünýär.
Ýazyjynyň öňünde diňe bir öz ykbalyny däl, eýsem halk hakydasy we ynsan mertebesiniň nyşanyna öwrülen eseriniň geljegini hem kesgitläp biljek möhüm saýlaw ýüze çykýar.

Filmde Çingiz Aýtmatowyň keşbini Bolot Tentimyşow ýerine ýetirýär. Şeýle-de filmde Boris Pasternagyň keşbinde belli rus aktýory Sergeý Bezrukowy hem görüp bolýar.
Filmiň režissýory hökmünde Kanibek Kalmatow çykyş etdi. Bu eser onuň režissýor hökmünde ilkinji işidir. Ondan öň ol özüni birnäçe filmde kinooperator hökmünde synady.
Kalmatow filmiň döredilmegi baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär:
«Meniň üçin «Aýtmatow» diňe bir beýik ýazyjy baradaky film däl, eýsem, ilkinji nobatda, hakyda hakyndaky filmdir. Men Aýtmatowa ýadygärlik ýa-da taryhy şahsyýet hökmünde däl-de, eýsem, atasyny ýitiren ogul, är, maşgalabaşy we kyn saýlawyň öňünde duran ýazyjy hökmünde garamak isledim. Bu —hakyda, Watan we ynsan mertebesi baradaky hekaýat. Öz taryhyňa düşünmezden azatlygyň mümkin däldigi hakyndaky eser».

Çingiz Aýtmatowyň Aşgabatdaky ýadygärligi
Filmiň surata düşürilişi Aýtmatowyň dogduk mekany bolan Gyrgyzystanda, şeýle-de Moskwada we Kaliningradda geçirildi.
Mundan öň ýazyjynyň «Asyra barabar gün» romany esasynda başga bir filmiň hem surata düşüriljekdigi habar berlipdi. Ol filmiň režissýory Igor Woloşin bolar.