Türkmenistanyň Prezidenti üç sany täze lukmançylyk edarasy baradaky resminamalara gol çekdi

Şu gün, 10:045,692

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň üçüsini döretmek baradaky Kararlara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminamalara laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bellenilen tertipde:

  • hojalyk hasaplaşygynda işleýän 80 orunlyk Stomatologiýa merkezini döretmek we onuň Tertipnamasyny tassyklamak;

  • Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işini bes etmek we onuň binýadynda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek hem-de onuň Tertipnamasyny tassyklamak;

  • Halkara saglyk merkezi müdiriýetiniň düzüminde hojalyk hasaplaşygynda işleýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezini döretmek we ol baradaky Düzgünnamany tassyklamak tabşyryldy.

Çözgütler innowasion tehnologiýalaryň binýadynda ilata zerur bolan lukmançylyk kömegini bermek ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk guramak maksady bilen kabul edildi.