Hytaýly lukmanlar heniz dünýä inmedik çaganyň öýkenindäki çişi kiçeltmek boýunça operasiýa geçirdi. Bu barada Gonkongyň «South China Morning Post» (SCMP) gazetinde habar berilýär.
Çiş 40 ýaşly aýalyň göwresindäki 22 hepdelik çagasynda ýüze çykaryldy. Ölçegi 5 santimetre deň bolan bu täze döreme çaganyň sag döş kapasasyny doly tutup hem-de ýüregini we öýkenini gysyp, garyn boşlugynda howply suwuklygyň ýygnanmagyna sebäp boldy. Barlaglardan soň, lukmanlar çagada öýkeniň dem alyş ýollarynyň dogabitdi mikrokistoz malformasiýasyny anykladylar.
Adaty bejergi usullary bu ýagdaýda netijeli däldi, çünki çiş köp sanly uly bolmadyk kistalardan ybarat bolup, onuň merkezi gan damary hem ýokdy. Şol sebäpli Şençženiň we Gonkongyň hünärmenler topary operasiýany gönüden-göni göwrelilik döwründe geçirmek kararyna geldi.
Ýokary takyklykdaky ultrases barlagynyň gözegçiligi astynda lukmanlar enäniň garnynyň hem-de ýatgy diwarynyň üsti bilen inçe ablýasion iňňäni göni çaganyň döş kapasasyna geçirdi. Olar güýçli ýylylygyň täsiri bilen çişiň dokumalaryny «ýakdylar». Üç günden soň täze döremäniň göwrümi kiçeldi, ýygnanan suwuklyk bolsa düýbünden ýitip gitdi.
Çaga göwreliligiň 37-nji hepdesinde dünýä indi. Lukmanlar onuň ýagdaýynyň örän gowudygyny belledi. Häzirki wagtda bäbek dört aýlyk bolup, onuň saglygy durnukly bolmagynda galýar.