Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Milletler ligasynyň Daniýa bilen geçiriljek oýnunyň öňüsyrasynda toparyň ýerleşýän ýerini wagtyndan ir terk etdi. Bu hereketi zerarly futbolçy alty aýa çenli möhlet bilen ýygyndyda oýnamakdan çetleşdirilmegi mümkin.
Marca neşiriniň habar bermegine görä, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 41 ýaşly kapitany toparyň türgenleşigine gatnaşman, Kopengagendäki «Parken» stadionyndan Portugaliýanyň Futbol federasiýasyna degişli mikroawtobusa münüp gidipdir. Neşiriň maglumatynda Ronaldunyň ondan soňra hususy uçar bilen Madride ugrandygy aýdylýar.
Düşünişmezçilik Portugaliýanyň Norwegiýany 2:1 hasabynda ýeňen oýnundan soň ýüze çykypdyr. Ronaldu bu duşuşygy ätiýaçlyk oýunçylarynyň hatarynda geçirdi. Ol ikinji ýarymda gyzyşmak üçin türgenleşmäge-de başlapdy, ýöne öňi-soňy meýdança çykmady. Duşuşyk tamamlanandan soň hüjümçi hiç kim bilen el gysyşman we janköýerlere minnetdarlyk bildirmän, göni geýim çalşylýan otaga gaýtdy.
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş Norwegiýa we Daniýa bilen geçiriljek oýunlarda Ronalduwa meýdança çykmaga mümkinçilik berilmezliginiň ahmaldygyny öňünden duýdurandygyny aýtdy. Hünärmeniň aýtmagyna görä, oýunçynyň meýdança çykmagy baradaky karar duşuşygyň gidişine bagly bolupdy.
«Men ony gyzyşmak üçin türgenleşmäge ugradyp, soňra oýna çykarmadym. Men islän zadymy wada berip bilerin, ýöne tälimçi men. Ol hem, federasiýanyň prezidenti hem, asyl hiç kim meni kararymy üýtgetmäge mejbur edip bilmez. Hiç haçan, hiç bir ýagdaýda!» diýip, Žezuş metbugat maslahatynda gürrüň berdi.

Şondan soň Ronaldunyň, baş tälimçiniň we Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Pedru Proensanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirilip, ýüze çykan ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Emma Marca neşirinde aýdylyşyna görä, gepleşiklerden soň milli ýygyndynyň kapitany toparyň ýerleşýän ýerinden wagtyndan ir gidipdir.
Biraz wagt soň Ronaldunyň özi hem topardan gitmegi barada resmi beýanat ýaýratdy:
«Milli ýygyndydan gitmegime getiren ýagdaýlaryň hakyky sebäbini ähli portugaliýalylara wagty gelende düşündirerin. Men bütin ömrümi diýen ýaly şu milli ýygynda bagyş etdim. Indi bolsa Portugaliýa milli ýygyndysyna we ähli topardaşlaryma üstünlik arzuw etmegiň wagty geldi».
Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, esasly sebäbi bolmazdan milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk eden ýa-da topar bilen bagly çärelere gatnaşmadyk oýunçy bir aýdan alty aýa çenli möhlet bilen futbol oýnamakdan çetleşdirilip bilner. Mundan başga-da, oňa bäşden on hasap birligine çenli, takmynan, 500–1000 ýewro möçberinde pul jerimesi salynmagy göz öňünde tutulýar.
Ronalduwa garşy haýsydyr bir jeza çäresini ulanmak barada häzirlikçe gutarnykly karar kabul edilmedi.