FIFA-nyň prezidenti wezipesinde Infantinonyň ýene bir garşydaşy peýda boldy

Şu gün, 17:051,475

Ýewropanyň milli futbol assosiasiýalary Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysynyň öňde boljak saýlawlaryna ýeke-täk dalaşgäri resmi taýdan hödürledi. UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferiniň başlyklyk etmeginde 16-njy noýabrda geçirilen mejlisiň jemleri boýunça Ýewropanyň wekilleri Fransiýanyň futbol federasiýasynyň (FFF) 63 ýaşly ýolbaşçysy Filipp Diallony biragyzdan goldady.

Diallonyň özi eýýäm saýlaw bäsleşigine gatnaşmaga razylyk berdi. Şu gün, 17-nji noýabrda FFF-niň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan onuň dalaşgärliginiň resmi taýdan tassyklanmagyna garaşylýar, şondan soň resminamalar 18-nji noýabrda arzalary tabşyrmagyň möhleti tamamlanmazdan öň FIFA iberiler.

Filipp Diallo fransuz futbolyna ýolbaşçylyk edýär we 2023-nji ýyldan bäri UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine girýär. Onuň Fransiýanyň professional klublar assosiasiýasynyň dolandyryşynda köp ýyllyk tejribesi, şeýle hem FIFA-nyň içerki jedelleri çözmek boýunça palatasynda iş tejribesi bar. Onuň FIFA-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilmegi UEFA bilen halkara federasiýasynyň häzirki ýolbaşçylygynyň arasynda, hususan-da, iri halkara ýaryşlaryň hukuklaryny täjirleşdirmek meseleleri boýunça ýüze çykan nägilelikler bilen baglanyşdyrylýar.

Bütindünýä futbolynyň ýolbaşçysy wezipesi ugrundaky göreşiň çekeleşikli bolmagyna garaşylýar. Fransiýanyň wekili bilen bir hatarda, bu wezipä dördünji möhlete gaýtadan saýlanmaga tama edýän FIFA-nyň häzirki prezidenti Janni Infantino, Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynyň hormatly prezidenti Kozio Tasima we Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Ramon Wega hem öz meýillerini eýýäm mälim etdi.

Saýlaw kampaniýasynyň jemleri 2027-nji ýylyň 18-nji martynda Marokkodaky Rabat şäherinde geçiriljek FIFA-nyň 77-nji Kongresinde jemleniler.