Harri Keýn Angliýanyň milli ýygyndysynda iň köp oýun geçiren futbolçy boldy

Şu gün, 11:20920
1 / 2

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, 2026-njy ýylyň «Altyn topunyň» eýesi Harri Keýn milli ýygyndynyň düzüminde iň köp duşuşyk geçiren futbolçy boldy. Rekord UEFA Milletler ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 5-nji aýlawynda Horwatiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda hasaba alyndy. Bu Keýn üçin milli ýygyndynyň düzüminde 126-njy oýun boldy.

Daniýaly Morten Kroguň eminlik etmegindäki duşuşyk Londondaky «Wembli» stadionynda geçdi. Oýun 2:1 hasaby bilen Angliýanyň peýdasyna tamamlandy. Keýn 64-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetirip, ýeňiş goluny geçirdi. Şeýle hem Angliýanyň düzüminde Morgan Rojers, Horwatiýanyň düzüminde bolsa Luka Susiç tapawutlandy.

Mundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça rekord derwezeban Piter Şiltona degişlidi. Ol 1970–1990-njy ýyllar aralygynda milli toparyň düzüminde 125 duşuşyga gatnaşypdy. Angliýanyň ýygyndysynda iň köp oýun geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine ondan başga-da Weýn Runi (120 oýun), Dewid Bekhem (115) we Stiwen Jerrard (114) girýär.

33 ýaşly Keýn Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany we Germaniýanyň «Bawariýa» klubunyň hüjümçisidir. Ol «Tottenhem Hotspur» klubunyň hem-de Angliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy bolup, Premýer-liganyň taryhynda bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýär. Futbolçy 2023/24 we 2025/26 möwsümlerinde iki gezek «Altyn butsy» baýragyna mynasyp boldy.