«Mançester Ýunaýted» baş tälimçi Maýkl Kerrigi wezipesinden boşatdy

Şu gün, 17:36384

«Mançester Ýunaýted» futbol kluby baş tälimçisi Maýkl Kerrigiň wezipesinden gidendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu karar toparyň Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) häzirki möwsümine şowsuz başlamagy netijesinde kabul edildi.

10 tapgyrdan soň «Mançester Ýunaýted» bary-ýogy 8 utuk toplady we ýaryş jedwelinde 18-nji orny eýeläp, aşaky liga düşýän toparlaryň zolagynda ýerleşýär.

Klub täze baş tälimçiniň «mümkingadar tiz wagtda» belleniljekdigini mälim etdi. Sport neşirleriniň maglumatyna görä, bu wezipä dalaşgärleriň arasynda häzirki wagtda ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berýän Maurisio Poçettino hem bar.

45 ýaşly Kerrik «Mançester Ýunaýted» toparyna geçen möwsümiň ortasynda ýolbaşçylyk edip başlady. Şol wagt topar APL-de ýedinji orunda barýardy, emma Kerrigiň baştutanlygynda möwsümi üçünji orunda tamamlap, soňky üç ýylyň dowamynda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.