«Barselona» toparynyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Barselonanyň eteginde aýdymçy Şakiranyň we katalon klubunyň ozalky goragçysy Žerar Pikeniň öňki mülküni satyn aldy. «Europa Press» neşiriniň habar bermegine görä, gozgalmaýan emlägiň bahasy, takmynan, 11 million ýewro deň boldy.
19 ýaşly futbolçy bu jaýy 2025-nji ýylyň ahyrynda satyn aldy. 2026-njy ýylyň tomsunda bolsa bu ýere onuň söýgülisi Ines Garsiýa göçüp bardy. Häzirki wagtda Ýamal jaýy öz isleglerine we zerurlyklaryna laýyk getirmek üçin, onda abatlaýyş işlerini geçirýär.

Mülküň umumy meýdany, takmynan, 3 800 inedördül metre barabar bolup, onuň çäginde birnäçe suw howdany, futbol meýdançasy, padel oýnamak üçin meýdança, türgenleşik zaly, kinoteatr we çakyr saklanýan ýerzemin bar.
Şeýle-de bu ýerde Şakiranyň peýdalanan ses ýazgy studiýasy hem saklanyp galypdyr.
