ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Keti Hokul oba ýerlerinde we goňşy sebitlerde gyzamyk bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy sebäpli, adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler goşmaça lukmançylyk işgärlerini işe çekýär. Olaryň esasy wezipeleri barlag geçirmek we ilata işjeň sanjym etmekden ybaratdyr.
Ýylyň başyndan bäri ştatda 108 sany gyzamykly näsag hasaba alyndy. Olaryň ýedisi Nýu-Ýork şäheriniň ýaşaýjylarydyr. Oba ýerlerinde bolsa iýul aýynyň ortalaryndan bäri ilata müňden gowrak sanjym edildi.
Lukmanlary goňşy Pensilwaniýa ştatyndaky ýagdaý hem alada goýýar. Bu ýyl ol ýerde gyzamyk bilen 700-e golaý adam keselläp, olaryň 133-si hassahana ýerleşdirildi. Awgust aýynda Pensilwaniýada gyzamyk bilen baglanyşykly dört ölüm hadysasy-da hasaba alyndy. Bu soňky 35 ýylda ilkinji şeýle ýagdaýdyr.
Häkimiýetler bu keseliň ýaýramagynyň esasy sebäbiniň sanjym derejesiniň peselmegi bilen baglydygyny belleýär. Gyzamyk örän ýokanç kesel bolup, ol köpçülikleýin immunitet gowşanda, sanjym edilmedik adamlaryň arasynda çalt ýaýrap başlaýar.