«Simurg» bilen islendik harytlary garaşaryna almak indi öňküsindenem aňsat boldy. «Ak Tam» we «Ak Mekan» bazarlarynda kompaniýanyň täze ofisleri açylyp, müşderilere ýeňilleşdirilen şertlerde garaşaryna söwda etmek mümkinçiligi döredildi.
«Simurg» firmasynyñ wepaly müşderileri üçin bahasy 75 000 manada çenli bolan harytlary öňünden 0% töleg we 5 ýyla çenli möhlet bilen almak mümkinçiligi bar. Şeýlelikde, zerur harydyňyzy soňraky güne goýman, häziriň özünde satyn alyp bilersiňiz.
«Simurgda» ilkinji gezek garaşaryna söwda edýän müşderiler üçin bolsa elektronika, durmuş tehnikasy we smartfonlardan başga ähli haryt toparlaryna öňünden 10–15% töleg geçirmek ýeterlik.

«Simurg» bilen hyzmatdaşlyk edýän dükanlary tapmak örän aňsat. Kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýän söwda nokatlarynda ýörite plakatlar ýerleşdirilendir.
Isleýän harydyňyzy saýlaň, garaşaryna söwda ediň we «Simurgyň» bähbitli şertlerinden peýdalanyň — aňsat, düşnükli we amatly.
«Ak Tam» bazaryndaky söwda nokady
Salgy: «Ak Tam» bazary, E-039 dükany, Aşgabat-Türkmenabat 24 km köçesi, Ak bugdaý etraby
Tel.: +993 71 621117
«Ak Mekan» bazaryndaky söwda nokady
Salgy: «Ak Mekan» bazary, Ýaşlar (1953) köçesi, 14-nji blok, 22-nji dükan, Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby
Tel.: +993 71 798213

Goşmaça maglumat üçin:
- Instagram: simurg_turkmenistan
- TikTok: simurg_official
- TMCARS biznes hasaby: Simurg