Aşgabadyň dokma toplumy öňümizdäki baýramçylyk möwsümi mynasybetli alyjylara ýörite sowgatlyk toplumlaryny hödürleýär. Bu önümler eýýäm müşderileriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Toplumda arassa pagtadan öndürilýän ýorgan-düşekleri, ýumşak hammam halatlary, çaga halatlary, süpürgiçler, çalgyçlar, ýapynjalar, aşhana üçin niýetlenen dokma önümleri we başga-da köp sanly harytlar bar. Olaryň hersi önümçiligiň ähli tapgyrlarynda berk hil gözegçiliginden geçirilýär.
Sowgatlyk toplumlar müşderileriň aýratyn ünsüni çekýär. Olaryň owadan bezegi we hojalykdaky peýdasy harytlary ýakynlaryňyz, dost-ýarlaryňyz hem-de kärdeşleriňiz üçin iň amatly sowgada öwürýär. Toýlarda, sadakalarda, doglan günlerde, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygynda mähribanlaryňyzy begendirmek üçin bu toplumlar – iň jaýdar serpaýdyr.
Aşgadabyň dokma toplumynyň hünärmenleriniň belläp geçişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda öndürilýän harytlar diňe ýurdumyzda däl, eýsem, halkara bazarynda hem uly abraýa eýe bolandyr.
Bu önümleri ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki ýöriteleşdirilen dükanlardan we baýramçylyk ýarmarkalaryndan satyn alyp bilersiňiz.
Harytlary onlaýn sargyt etmek mümkinçiligi hem bar.
Aşgabatdaky söwda nokatlarynyň salgysy:

- Bitaraplyk şaýoly, 597-nji jaý, «Aşgabadyň dokma toplumy» söwda merkezi;

- Galkynyş köçesi, 70-nji jaý, «Älem saýlan» dükany;

- A.Nyýazow köçesi, 117/1, «Goza» dükany.
Saýt: adt.com.tm
Tel.: +993 12 232360