Sargytlar bar. Ýöne satuwlar nähili? Indi muny 📈ALSAT-da görüp bolýar

Şu gün, 09:461,088
1 / 7

📈ALSAT platformasyndaky «Satuwlarym» atly täze bölüm satyjylara hakyky netijeleri garaşylýan görkezijilerden tapawutlandyrmaga, sargytlara gözegçilik etmäge we satuwy ösdürmegiň mümkinçiliklerini tapmaga kömek edýär.

«Sargyt kän!» — menejerden bu sözi eşitmek ýakymly.

«Olardan näçesi hakyky satuw bilen tamamlandy?» — diýip, ýolbaşçy soraýar.

Ine, iň gyzykly zatlar hem şu ýerden başlanýar.

Sebäbi sargyt bilen satuw bir zat däl. Alyjy pikirini üýtgedip biler, haryt gutaryp biler ýa-da özüne çekiji teklibem hakyky geleşige öwrülmän biler.

Şonuň üçin kärhanalaryň diňe gelip gowşan sargytlary däl-de, eýsem olaryň netijelerini hem görmegi üçin 📈ALSAT platformasynda täzelenen görnüşde «Satuwlarym» bölümi peýda boldy.

«Satuwlar gowy gidýän ýaly» däl-de, anyk sanlar

Indi satyjy şahsy otagyna girip, esasy görkezijileriň ählisini bir ýerden görüp bilýär:

  • Harytlar: 📈ALSAT-da ýerleşdirilen haryt görnüşleriniň sany.
  • Sargytlar: näçe sargydyň gelip gowşandygy we näçesiniň heniz işlenip taýýarlanýandygy hakda maglumatlar.
  • Satuwlar: üstünlikli tamamlanan sargytlaryň sany we olaryň umumy pul möçberi.
  • Ýatyrylan sargytlar: amala aşmadyk sargytlaryň sany we olaryň mümkin bolan bahasy.
  • Üýtgeşmeler: saýlanan döwürde görkezijileriň nähili üýtgändigi.

Indi dürli sahypalardan maglumat gözlemegiň zerurlygy ýok. Esasy görkezijiler, sargytlaryň taryhy we düşnükli diagramma bir panelde jemlenýär.

Elbetde, Excel hem öňküsi ýaly ulanylyp bilner. Ýöne indi onuň işi birneme azalýar.

Iň gyzykly görkeziji hemişe satuwdan gelen girdeji däl

Bir ýagdaýy göz öňüne getiriň: sargytlaryň sany artdy, ýöne üstünlikli tamamlanan satuwlaryň sany öňküsi bilen tas deň diýen ýaly.

Näme boldy?

Belki, köp isleg bildirilýän harytlar gutarandyr. Megerem, bahalar üýtgändir. Ýa-da käbir alyjylar özlerine jogap berilmegine garaşyp, ahyrynda başga ýerden söwda edendir.

«Satuwlarym» bölümi bolup geçýän üýtgeşmeleri görmäge we ýatyrylan sargytlary barlamaga mümkinçilik berýär. «Elden giderilen girdeji» görkezijisi satuwa öwrülmedik sargytlaryň mümkin bolan umumy bahasyny görkezýär.

Üns beriň: bu hakyky ýitgi ýa-da kepillendirilen girdeji däldir. Emma geleşigiň näme sebäpden amala aşmandygyny anyklamak üçin gowy mümkinçilikdir.

Analitikanyň özi her bir sargydyň näme sebäpden ýatyrylandygyny görkezip bilmez. Ýöne haýsy sargytlara aýratyn üns bermelidigini anyklamaga kömek eder.

Sebäbi amala aşmadyk bir sargyt tötänlik bolup biler. Emma munuň yzygiderli gaýtalanmagy satuw prosesinde bir böwetligiň bardygyny görkezer.

Bu sanlary nähili ulanmaly?

Ilki bilen, üç sany ýönekeý ädimden başlaň.

  1. Ýatyrylan sargytlary barlaň. Satuwa näme päsgel berendigini anyklaň: harydyň ýoklugymy, bahasymy, şertlermi ýa-da jogap bermegiň haýallygymy.
  2. Üstünlikli tamamlanan geleşiklere serediň. Haýsy harytlar has köp satyn alynýar? Olaryň teklibini has-da gowulandyrmak ýa-da uly möçberde satyn alýanlar üçin amatly bahalary hödürlemek mümkinçiligi barmy?
  3. Dürli döwürleriň netijelerini deňeşdiriň. Sargytlaryň sany artýan bolsa-da, tamamlanan satuwlar artmaýan bolsa, diňe sargytlaryň sanyna begenmegiň deregine munuň sebäbini gözlemeli.

Bu çylşyrymly ylym däl. Bu täjirçilik çözgütlerini çaklamalara däl-de, anyk maglumatlara esaslanyp kabul etmegi endige öwürmekdir.

Siziň harytlaryňyz hem eýýäm bu bazaryň bir bölegi bolup biler

2026-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky ýagdaýa görä, 📈ALSAT platformasynda 133 sany satyjynyň 32 782 sany işjeň haryt görnüşi ýerleşdirildi.

Öndürijiler, importçylar we lomaý üpjün edijiler öz tekliplerini beýleki kompaniýalaryň hem tapyp bilmegi üçin bu platformadan peýdalanýarlar.

📈ALSAT-da harytlary mugt ýerleşdirmek bolýar. Täze «Satuwlarym» bölümi bolsa harytlar ýerleşdirilenden soň sargytlar bilen nämeleriň bolup geçýändigini yzarlamaga kömek edýär.

Emma bu ýerde indiki bir sorag ýüze çykýar.

Diňe näçe haryt satýandygyňyzy bilmek ýeterlik däl. Siziň teklipleriňizi has köp laýyk alyjynyň tapmagy üçin näme etmeli?

Indiki makalada satuwlar baradaky maglumatlardan assortimenti meýilleşdirmekde, harytlary öňe sürmekde we täze alyjylary tapmakda nähili peýdalanmalydygy barada gürrüň bereris.

Satuwlaryňyzyň ýagdaýyny barlaň

Siz eýýäm harytlaryňyzy 📈ALSAT-da satýarsyňyzmy? Şahsy otagyňyza girip, «Satuwlarym» bölümini açyň.

Entek satmaýarsyňyzmy? Harytlaryňyzy mugt ýerleşdiriň we biznesiňiz üçin goşmaça satuw kanalyny açyň.

📈ALSAT-da satmaga başlaň!

📈ALSAT.com.tm — harytlar, enjamlar we kärhanalaryň satyn alyşlary üçin B2B platformasy.

📈ALSAT — biznes üçin aňsat!