Hytaýyň «LiuGong» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri – «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi (CIET 2026) mynasybetli ýörite teklipleri taýýarlady.
Sergi 3–5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
1958-nji ýylda esaslandyrylan «LiuGong» Hytaýyň gurluşyk tehnikalaryny öndürýän iri kompaniýalarynyň biridir. Häzirki wagtda kompaniýa tehnikalaryň we enjamlaryň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär hem-de olary dünýäniň 180-den gowrak ýurduna eksport edýär. «Yhlas Kagyz» 2010-njy ýyldan bäri bu kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi dileri bolup durýar.

Kärhana müşderilere ýörite teklip boýunça ýol gurluşygy üçin niýetlenen tehnikalary, şol sanda:
- ýük ýükleýjileri,
- buldozerleri,
- tekerli we zynjyrly ekskawatorlary,
- greýderleri,
- asfalt düşeýjileri,
- awtokranlary,
- elektrikli we dizel karalary (çarşakly ýük ýükleýjileri);
- katoklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Mundan başga-da, alyjylara aşakdakylar elýeter bolar:

- Tehnikalary kärendesine almak mümkinçiligi;
- Bir ýyl ýa-da 2000 motor sagada çenli kepillik;
- Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär;
- Kompaniýa tehnikalaryň ählisine serwis hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.

Bu teklipler «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasynyň baş ofislerinde 2026-njy ýylyň 30-njy noýabryna çenli hereket eder.
Salgy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 97/1, «Maksat Mebel» dükany, 3-nji gat, «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +993 63 42-90-03 — tehnikany satyn almak bilen bagly meseleler boýunça (e-mail: geldi3649@gmail.com);
- +993 63 42-90-06, +993 63 42-90-07 — ätiýaçlyk şaýlary üçin (e-mail: yhlaskagyz11@gmail.com);
- +993 63 42-90-02 — serwis hyzmaty üçin.