Haryt ýitdimi? Kassada jedel döreýärmi? Ýolda kynçylyk çykdymy? Meseläni çözjek 5 enjam!

Düýn, 22:232,471
1 / 6

Göz öňüne getiriň: ammarda haryt ýetmezçiligi ýüze çykdy, alyjy töleg geçirendigini aýdýar, sürüji bolsa ýol-ulag hadysasyndan soň özüniň haklydygyny subut edip bilmeýär.

Şeýle ýagdaýlarda nämä daýanmaly? Ýatlamalaramy, çaklamalaramy ýa-da anyk subutnamalara?

Gowy tarapy, häzirki zaman tehnologiýalary bolup geçýän wakalara gözegçilik etmäge we uzaga çekýän jedelleriň deregine anyk maglumatlara daýanmaga mümkinçilik berýär.

Biz biznesde, öýde we awtoulagda peýdaly bolup biljek, hersi aýratyn meseläni çözmäge kömek edýän 5 enjamy saýladyk.

🖥️ 1. HIKVISION DS-D5024FN-B — hemme zady aýdyň görmek üçin!

Kameralar oturdyldy, wideoýazgylar alnyp barylýar. Ýöne bolup geçýän wakalara gözegçilik etmek size näderejede amatly?

HIKVISION DS-D5024FN-B 24 dýuýmlyk Full HD monitor kameradaky şekilleri we wideoýazgylary amatly görnüşde görmäge mümkinçilik berýär.

Näme üçin bu modele üns bermeli?

  • Full HD (1920 × 1080) — kameradaky şekilleri, resminamalary we iş programmalaryny aýdyň görkezýär.
  • 23,8 dýuýmlyk ekran we 178° görüş burçy — ekrana dürli tarapdan seretmäge, birnäçe ýere gözegçilik etmäge amatly.
  • 24/7 iş tertibi — uzak wagtlap, şol sanda howpsuzlyk gözegçilik nokatlarynda hem işlemäge niýetlenen.
  • HDMI, VGA we VESA berkidijisi — monitora dürli enjamlary birikdirmek we ony amatly ýerde ýerleşdirmek mümkinçiligini berýär.

Esasy artykmaçlygy — köpugurlylygy. Irden monitor arkaly tablisalar bilen işläp, gündiz söwda zalyna gözegçilik edip, agşam bolsa kameradaky ýazgylary görüp bolýar.

Bir ekran — köp mümkinçilik. Iş ýeriňizde artykmaç enjamlaryň hem zerurlygy ýok!

📹 2. HIKVISION DS-7104NI-Q1/4P — hiç bir möhüm wakany ýatdan çykarmaýar

Düýn ammarda ähli harytlar ýerbe-ýerdi, bu gün bolsa ýetmezçilik ýüze çykdy. Şeýle ýagdaýda wideoýazgylar onlarça düşündirişden has peýdaly bolup biler.

HIKVISION DS-7104NI-Q1/4P wideoregistratory dört sany IP-kamerany birikdirmäge, wideoýazgylary saklamaga we zerur wakalary arhiwden tapmaga mümkinçilik berýär.

Enjamyň artykmaçlyklary:

  • 4 sany PoE porty — maglumatlary we elektrik energiýasyny bir kabel arkaly geçirmäge mümkinçilik berýär.
  • 6 megapiksele çenli çözgütli kameralary goldaýar.
  • 6 TB-a çenli göwrümli gaty diski oturtmak mümkinçiligi bar.
  • H.265+ tehnologiýasy — wideoýazgylary saklamak üçin zerur ýeri tygşytly ulanmaga kömek edýär.

Bu enjam dükanlar, kiçi ammarlar we ofisler üçin amatly çözgütdir. Sebäbi diňe bolup geçýän wakalara gözegçilik etmek däl, eýsem olaryň ýazgylaryny hem saklamak möhüm.

👁️ 3. HIKVISION DS-2CD1323G0E-I — garaňkylyk hem gözegçiligiň öňüni alyp bilmez

Giç agşam derwezä kim golaýlaşdy? Dükan ýapylandan soň onuň girelgesiniň golaýynda nämeler bolup geçýär? Bu zatlary bilesiňiz gelýärmi?

HIKVISION DS-2CD1323G0E-I IP-kamerasy möhüm ýerlere gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmäge kömek edýär.

2 MP Full HD çözgüdi şekilleri aýdyň görkezýär. 2,8 mm obýektiw giň meýdany gurşap alýar, 30 metre çenli infragyzyl yşyklandyryş bolsa garaňkylykda hem wideo düşürmäge mümkinçilik berýär.

IP67 gorag derejesi kameranyň tozandan we ýagyşdan goragly bolmagyny üpjün edýär.

Bu model girelgeler, geçelgeler, dükanlar, ammarlar we howlulardaky gözegçilik üçin amatlydyr. Kamera sakçynyň ornuny doly tutmasa-da, oňa peýdaly kömekçi bolup biler.

🔍 4. HIKVISION DS-2CD1363G0-I — detallar möhüm bolanda

Käwagt diňe näme bolandygyny görmek ýeterlik däl. Wakanyň jikme-jik anyk saýgarmak gerek.

6 MP çözgütli HIKVISION DS-2CD1363G0-I IP-kamerasy adaty 2 megapikselli modeller bilen deňeşdirilende has detallaýyn wideoýazgy almaga mümkinçilik berýär.

WDR tehnologiýasy ýagtylygyň çylşyrymly şertlerinde şekiliň aýdyňlygyny gowulandyrmaga kömek edýär. 30 metre çenli infragyzyl yşyklandyryş garaňkylykda wideo düşürmäge mümkinçilik berýär, IP67 gorag derejesi bolsa kamerany açyk howada oturtmaga ýardam edýär.

Bu kamera ýük düşürilýän ýerlerde, ammarlarda, girelgelerde we çäkleriň möhüm böleklerinde aýratyn peýdaly bolup biler. Şeýle ýerlerde bolup geçýän wakalaryň ownuk detallaryny hem saýgarmak möhümdir.

Wideoýazgylaryň mümkin boldugyça detallaýyn bolmagy siziň üçin möhüm bolsa, bu modele üns beriň.

🚗 5. HIKVISION AE-DC2015-B1 — siziň ýoldaky şaýadyňyz

Ýolda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Ýöne «Men ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edip barýardym» diýen söz dörän jedeli çözmek üçin hemişe ýeterlik bolmaýar.

HIKVISION AE-DC2015-B1 awtoulag wideoregistratory ýolda bolup geçýän wakalary Full HD 1080p ölçeginde ýazga alýar.

Gurnalan Wi-Fi moduly ýazgylary ýörite programma arkaly görmäge mümkinçilik berýär. G-sensor çaknyşyk ýüze çykanda möhüm wideofragmentleri goramaga kömek edýär. 128 GB-a çenli ýat kartalaryny goldaýandygy bolsa wideoýazgylary saklamak üçin ýeterlik ýer döredýär.

Bu enjamyň şahsy awtoulaglarda-da, gulluk ulaglarynda-da, eltip berme hyzmatlarynda-da peýdasy deger.

Sebäbi käwagt wideoýazgy iň ynandyryjy düşündirişden hem täsirli bolýar!

🛒 Çaklamalar az, gözegçilik köp!

Bäş enjam — bäş sany amaly çözgüt. Özüňize gerek enjamy saýlaň: gözegçilik kamerasy, wideoýazgylary saklamak üçin registrator, awtoulag wideoregistratory ýa-da köpugurly monitor.

Ilki bilen HIKVISION DS-D5024FN-B modeline üns bermegi maslahat berýäris. Ol diňe wideogözegçilik üçin däl, eýsem gündelik işlerde hem peýdaly bolar.

👉ALSAT-da monitoryň bahasyny biliň we sargyt ediň

📈ALSAT — biznes üçin aňsat!