Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlap ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.
Ylmy-amaly maslahat «Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» ady bilen geçiriler. Maslahatda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňe sürülýän başlangyçlar, bank ulgamyndaky özgertmeler, gazanylan üstünlikler hem-de halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Wise-premýer çäräni geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata düýpli taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň milli manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi.