Türkmenistan howanyň üýtgemegine, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platforma boljak Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, şeýle teklibi Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) VII sammitinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýan etdi.
Döwlet Baştutany gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy. Onuň aýtmagyna görä, CICA durnukly ekologiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe.
Ozal habar berşimiz ýaly, sammitiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp düzmegi, ministrlikler derejesinde ulag dialogyny ösdürmegi we Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmegi hem teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara hukuk kadalaryny berjaý etmegiň, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň hem-de ulag-logistika, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Ol şeýle hem 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» we 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar barada gürrüň berdi.
Türkmenistan CICA-nyň işine synçy döwlet hökmünde gatnaşýar.