Raşid Meredow bilen Eduards Stiprais türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Düýn, 11:201,381
1 / 2

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we özara bähbitleri nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki mehanizmleriň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşykda ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine hem garaldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak we konstruktiw dialog esasynda yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.