Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow emeli aň boýunça halkara kodeksini işläp düzmegi teklip edýär. Şeýle beýanat bilen ol şu gün Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) 7-nji sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi. Bu barada ýerli APA agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany Azerbaýjanyň CICA-da başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet görýändigini we oňa goldaw berýändigini aýtdy.
Häzirki wagtda dünýäde çuň geosyýasy we geoykdysady özgertmeler bolup geçýär, halkara meseleleri çözmekde bolsa halkara hukuk kadalary we BMG-niň Düzgünnamasy möhüm orun eýeleýär diýip, Prezident belledi. Ol Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek başlangyjy bilen çykyş edendigini ýatlap geçdi hem-de döwletara dialog üçin halkara hukugynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtady.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň wajypdygyny belledi we bu ugurda merkeziň işini goldamaga çagyrdy.
Prezident söwdany we logistikany ösdürmäge, ulag arabaglanyşygyny berkitmäge we bar bolan ugurlary giňeltmäge aýratyn üns berip, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlaryny ösdürmegi, şeýle hem ulag ulgamynda tejribe alyşmagy teklip etdi.
Serdar Berdimuhamedow sanly çözgütleriň, emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunlukda, ol emeli aň ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş edip, ony kadalaşdyrýan halkara kodeksini işläp düzmegiň zerurdygyny belledi.