Türkmenistan we Eýran ýakyn iki aýda Gumdag — Etrek awtoýolunyň gurluşygyna başlar

Düýn, 17:086,713
1 / 2

Türkmenistan we Eýran öňümizdäki iki aýyň dowamynda Gumdag — Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça habar berdi diýip, Orient ýazýar.

Taslama Türkmenistanyň çägindäki awtomobil ýoluny eýranly potratçynyň güýji bilen gurmagy göz öňünde tutýar. Täze ýoluň ýük awtomobil gatnawlaryny ýeňilleşdirmegine, serhetýaka ugurlaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyna we iki ýurduň arasyndaky logistikany gowulandyrmagyna garaşylýar.

Awazada geçirilen gepleşikleriň dowamynda eýran wekiliýeti türkmen resmi adamlary, şol sanda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, parlamentara gatnaşyklary, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy we inženerçilik-tehniki hyzmatlary bermek meselelerini maslahatlaşdy.

Gepleşigiň barşynda döwrebap demirýol we awtomobil gatnawlaryny ösdürmäge, serhetýaka terminallaryň işine hem-de Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyny berkitmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara ulag aragatnaşyklary ulgamynda Azerbaýjanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.

Täze awtomobil ýoly sebit ulag infrastrukturasynyň bir bölegine öwrülip, söwdany we üstaşyr geçirişi ösdürmäge ýardam eder diýlip garaşylýar.