Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Žorže Žezuşyň özi bilen gazanylan ylalaşyklary iki gezek bozandygyny aýtdy. Futbolçy milli toparyny terk edeninden soň bu barada jikme-jik düşündirýän beýanaty neşir etdi diýip, «A Bola» neşiri ýazýar.
Ronaldunyň aýtmagyna görä, ýygnanyşygyň öňüsyrasynda tälimçi ony diňe birinji we soňky duşuşyklarda oýnatjakdygyny, Norwegiýa bilen boljak oýny bolsa sypdyrtjakdygy duýduryp, ylalaşypdy. Ýöne soň Žezuş oňa 30 minutlyk meýdança çykarmakçydygyny aýdyp, el-aýagyny ýazmagy tabşyrdy. Ronaldu diýleni edip, türgenleşip başlady, ýöne netijede, meýdança çykmady.
48 sagatdan soň Ronaldunyň, Žezuşyň we «Al-Nasr» toparynyň sport müdiri Simau Koutinýonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Futbolçy tälimçiniň metbugat maslahatynda bu ýagdaýy düşündirmäge we öz ýalňyşyny boýun almaga söz berendigini aýdýar.
«Duşuşygyň ahyrynda baş tälimçi meni gujaklap, metbugat maslahatynda şu wagt maňa aýdan zatlarynyň ählisini doly aýtjakdygyna hem-de bu meseläni ýapjakdygyna söz berdi» diýip, Ronaldu ýazýar.
Şeýle hem 41 ýaşly Ronaldu öz tälimçisiniň metbugat maslahatynda aýtmaly sözlerini öňünden taýýarlap, tassyklan tekstiniň sekiz punktyny neşir etdi. Futbolçynyň aýtmagyna görä, Žezuş tekstdäki ýazylanlara eýerip, hususan-da, şeýle diýmelidi:
«Men Pele ýa-da Maradona derejesindäki oýunçyny el-aýagyny ýazmaga mejbur edip, soňra meýdança çykarman ýalňyşlyk goýberdim. Şu gün şeýle ýagdaý ýüze çykan bolsa, beýtmezdim».
Munuň deregine tälimçi žurnalistlere şeýle diýdi:
«Men ony el-aýagyny ýazmaga iberdim, soňra meýdança çykarmadym. Men islän zadymy söz berip bilerin, men tälimçi, hiç kim meni kararymy üýtgetmäge mejbur edip bilmez — ne ol, ne-de prezident. Hiç wagt, hiç hili ýagdaýda!»
Ronaldu tälimçiniň sözleri gazanylan ylalaşyklara gabat gelmedi diýip hasaplaýar.
«Bu tälimçiniň öz sözüni ikinji gezek bozuşy boldy. Men üçünji gezege garaşmazlyk üçin lageri terk etmek kararyna geldim. Meniň üçin adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda dogruçyllyk iň möhüm zat. Maňa nähili agyr bolsa-da, hakykaty aýdyň» diýip, futbolçy nägileligini bildirýär.

Ronaldunyň bu giňişleýin beýanaty barada berlen soraga Žorže Žezuş soňra şeýle jogap berdi:
«Beýanaty okadym. Indi bolsa, her gün edişim ýaly, federasiýa işlemäge, topar we Portugaliýa ýygyndysy üçin etmeli işlerim hakda oýlanmaga barýan. Başga aýdara zadym ýok».
Onýança, şu gün irden 39 ýaşly Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen bütinleý başgaça hoşlaşdy.