Bu gezek Ýamalam ýok, Due-de: «Golden Boy» baýragyny indi kim alar?

Şu gün, 17:271,177
1 / 3

Italiýanyň «Tuttosport» neşiri 2025/2026 möwsüminiň jemi boýunça Ýewropanyň 21 ýaşa çenli iň gowy oýunçysyna berilýän «Golden Boy 2026» baýragyna dalaş edýän 25 futbolçynyň sanawyny yglan etdi.

Sanawa Transfermarkt tarapyndan täzelenen European Golden Boy Top 100 reýtinginiň oktýabr aýyndaky täzelenen ýagdaýy boýunça iň gowy 20 oýunçy, şeýle hem wild card (ýörite çakylyk) alan bäş futbolçy girdi.

Dalaşgärleriň arasynda «Barselonanyň» goragçysy Pau Kubarsi, ýarymgoragçylar Aýub Buaddi we Warren Zair-Emeri, wingerler Ýan Diomande we Estewao, şeýle hem hüjümçiler Endrik we Raýan bar.

European Golden Boy Top 100 reýtinginde (Pau Kubarsiden soň) ikinji orny eýeleýän «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamal finalçylaryň hataryna girmedi. Baýragyň düzgünlerine görä, bir futbolçy «Golden Boy» baýragyny iki gezek alyp bilmeýär. Ýamal bu baýragy 2024-nji ýylda alypdy, geçen ýyl bolsa baýragyň eýesi «PSŽ-niň» hüjümçisi Dezire Due boldy.

«Golden Boy 2026» baýragynyň ýeňijisini 50 žurnalistden ybarat halkara eminler topary kesgitlär. Ýeňijiniň adyny noýabr aýynda yglan etmek meýilleşdirilýär.

Golden Boy 2026 baýragyna dalaşgärleriň doly sanawy:

  • Pau Kubarsi (Ispaniýa, «Barselona»)
  • Aýub Buaddi (Marokko, «Mançester Siti»)
  • Warren Zair-Emeri (Fransiýa, «PSŽ»)
  • Ýan Diomande (Kot-d'Iwuar, «Real Madrid»)
  • Luka Wuşkowiç (Horwatiýa, «Braýton»)
  • Wiktor Froholdt (Daniýa, «Portu»)
  • Maýlz Lýuis-Skelli (Angliýa, «Arsenal»)
  • Raýan (Braziliýa, «Bornmut»)
  • Ýorrel Hato (Niderlandlar, «Çelsi»)
  • Lennart Karl (Germaniýa, «Bawariýa»)
  • Estewao (Braziliýa, «Çelsi»)
  • Endrik (Braziliýa, «Real Madrid»)
  • Eli Krupi (Fransiýa, «Bornmut»)
  • Janluka Prestianni (Argentina, «Benfika»)
  • Konstantinos Karedas (Gresiýa, Dortmundyň «Borussiýasy»)
  • Said El-Mala (Germaniýa, «Köln»)
  • Hon Martin (Ispaniýa, «Real Sosýedad»)
  • Mark Bernal (Ispaniýa, «Barselona»)
  • Kerim Alaýbegowiç (Bosniýa we Gersegowina, «Ýuwentus»)
  • Finn Ýelç (Germaniýa, «Ştutgart»)
  • Haralambos Kostulas (Gresiýa, «Braýton»)
  • Žoan Gadu (Fransiýa, Dortmundyň «Borussiýasy»)
  • Franko Mastantuono (Argentina, «Fiorentina»)
  • Rodrigo Mora (Portugaliýa, «Roma»)
  • Hawi Espart (Ispaniýa, «Barselona»).