Milletler ligasynyň bijesi çekildi: Ispaniýa bilen Fransiýa, Portugaliýa bilen Niderlandlar oýnar

Şu gün, 07:23939

UEFA Milletler ligasynyň çärýek finalynyň we geçiş duşuşyklarynyň bije çekilişigi geçirildi.

Bu tapgyryň esasy gapma-garşylygy Ispaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy bolar. Şeýle hem çärýek finalda ýaryşyň häzirki çempionlary bolan portugaliýalylar Hawiniň tälimçilik etmegindäki Niderlandlaryň toparyna garşy oýnar.

Çärýek finalyň garşydaş toparlary:

  • Ispaniýa — Fransiýa;

  • Norwegiýa — Angliýa;

  • Niderlandlar — Portugaliýa;

  • Belgiýa — Germaniýa.

Mümkin bolan ýarym final jübütleri hem belli boldy. Niderlandlar — Portugaliýa duşuşygynyň ýeňijisi Ispaniýa — Fransiýa oýnunda utan topar bilen duşuşar. Belgiýa — Germaniýa jübütiniň ýeňijisi bolsa Norwegiýa — Angliýa duşuşygynda ýeňen topar bilen oýnar.

Ilkinji çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 25-nji martyndan 27-nji marty aralygynda geçiriler, jogap oýunlary bolsa 28-nji martdan 30-njy mart aralygynda bolar. Ýarym finallar 9-njy we 10-njy iýuna meýilleşdirilýär.

A we B ligalarynyň arasyndaky geçiş duşuşyklarynda şu aşakdaky garşydaşlar emele geldi:

  • Bosniýa we Gersegowina — Daniýa;

  • Wengriýa — Serbiýa;

  • Irlandiýa — Horwatiýa;

  • Sloweniýa — Wels.

B we C ligalarynyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyklarda şu toparlar oýnar:

  • Kipr — Demirgazyk Makedoniýa;

  • Estoniýa — Rumyniýa;

  • Farer adalary — Gruziýa;

  • Belarus — Ysraýyl.

Geçiş duşuşyklarynyň birinji oýny hem 2027-nji ýylyň 25-nji martynda, jogap duşuşyklary bolsa 28-nji martda geçiriler.