FIFA prezident saýlawlaryna üç dalaşgäri hasaba aldy

Şu gün, 09:38664

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2027-nji ýylyň 18-nji martynda Marokkonyň Rabat şäherinde geçiriljek prezident saýlawlaryna üç dalaşgäri hasaba aldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Bu wezipä, ilkinji nobatda, dördünji möhlete saýlanmak isleýän FIFA-nyň häzirki prezidenti Janni Infantino dalaş edýär. Ol 2016-njy ýylda guramanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyp, federasiýadaky korrupsiýa dawasyndan soň wezipesinden çekilen Ýozef Blatteri çalşypdy. Soňra Infantino 2019-njy we 2023-nji ýyllarda FIFA-nyň prezidenti wezipesine iki gezek gaýtadan saýlandy, şonda onuň bäsdeşi bolmandy.

Öňdäki saýlawlarda Infantinonyň garşydaşlary UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan goldaw alan Fransiýanyň futbol federasiýasynyň prezidenti Filipp Diallo we Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynyň hormatly prezidenti hem-de FIFA-nyň Geňeşiniň agzasy Kodzo Tasima bolar.

«FIFA-nyň dolandyryş düzgünnamasyna laýyklykda, dalaşgärlikler garamak we dalaşgärleri goýbermek barada çözgüt kabul etmek üçin saýlaw komitetine iberildi. FIFA-nyň Tertipnamasyna we saýlaw senenamasyna laýyklykda, agza assosiasiýalara hödürlenen we goýberilen dalaşgärleriň atlary barada 2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan gijä galman habar berler» diýlip, FIFA-nyň beýannamasynda aýdylýar.