Täze Orleanda tanker kruiz gämisini baryp urdy, laýner suwa agdaryldy

Düýn, 16:207,806
1 / 2

ABŞ-nyň Täze Orlean şäheriniň portunda Missisipi derýasynda tanker bilen kruiz gämisiniň çaknyşygy bolup geçdi. Bu barada Euronews agentligi habar berýär.

13-nji noýabrda ýerli wagt bilen 12:30 töweregi (Aşgabat wagty bilen 23:30) «Atlantic Asphalt» tankeri dolandyryşy ýitirip, gämi duralgasynda duran American Cruise Lines kompaniýasynyň «American Heritage» kruiz gämisini baryp urdy. Munuň netijesinde gämi gapdala agdaryldy, onuň bir bölegi suwuň aşagyna gitdi.

Sosial torlarda ýaýran wideolarda ýaşyl-gyzyl korpusly tankeriň köpriniň aşagyndan geçip, duralgada duran köp palubaly ak laýnere golaýlaşýan we soňra oňa urulýan pursaty görünýär.

Herniçik-de bolsa, gämidäki ähli 197 adam — ýolagçylar we ekipaž agzalary — tapyldy we halas edildi. 32 adam hassahana ýerleşdirildi. Port administrasiýasynyň we şäher häkimiýetleriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, olaryň hiç birinde agyr şikesler hasaba alynmady.

Täze Orleanyň häkimi Helena Moreno üstünlikli halas ediş operasiýasyny «Missisipidäki gudrat» diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, «Hemmäňiz ýokaryk eňiň!» ýörelgesi işledi: adamlary ewakuasiýa etmekde aýratyn edermenlik görkezen port polisiýasynyň işgärleri ilkinji bolup suwa girdi, soňra ýangyn söndüriji toparlar we golaýda ýerleşýän gämileriň ekipažlary gyssagly goşuldy.

Portuň ýolbaşçylary heläkçilige öwrülip biljek bu hadysanyň halas ediş gulluklarynyň ýokary hünär ussatlygyny we sazlaşykly işini görkezendigini nygtady.

Häzirki wagtda çaknyşygyň takyk sebäpleri anyklanýar.