Müsürde iki ýolagçy otlusy çaknyşdy: azyndan 4 adam heläk boldy, 88-si ýaralandy

Düýn, 21:417,855
1 / 4

Müsüriň Giza welaýatynda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde azyndan 4 adam heläk boldy, ýene 88 adam dürli derejede şikes aldy. Betbagtçylyk ýekşenbe güni Kair şäherinden, takmynan, 52 km günortada ýerleşýän Al-Aýýat etrabynyň çäginde boldy. Bu barada Müsüriň häkimiýetlerine salgylanyp, Associated Press agentligi habar berýär.

Müsüriň Ulag ministrliginiň maglumatyna görä, otlularyň biri ýurduň günorta-günbataryndaky Faýýum welaýatyna tarap barýan eken. Ol ýurduň günortasyndaky Asuan welaýatyna ugraýan beýleki otlynyň yzyndan baryp urupdyr. Çaknyşykdan soň otlularyň biri relsden çykypdyr.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalara äkidildi. Wakanyň bolan ýerine halas ediş gulluklary we otlularyň galyndylaryny aýyrmak hem-de demir ýol gatnawyny dikeltmek üçin awtokranlar ugradyldy.

Müsüriň prezidenti Abdulfattah as-Sisi heläkçiligiň sebäplerini derňemek barada tabşyryk berendigini aýtdy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda hem şol etrapda iki ýük otlusy çaknyşypdy. Şonda otlularyň biriniň sürüjisi we onuň kömekçisi şikes alypdy.