Fransiýanyň demirgazygyndaky Sena-Maritim departamentinde otlynyň relsden çykmagy netijesinde 44 adam şikes aldy. Ýurduň ulag ministri Filipp Tabaro X sosial ulgamynda bir ýolagçynyň hassahana örän agyr ýagdaýda eltilendigini habar berdi.
Ruan şäherinden Kan şäherine tarap barýan otluda 180-e golaý ýolagçy bar eken. Heläkçilik 11-nji sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 19:30 töwereklerinde (Aşgabat wagty bilen 22:30-da) Turwil bilen Elbýof-Sent-Oben aralygynda, Kleon şäheriniň golaýynda bolup geçdi diýip, BFMTV teleýaýlymy habar berýär.
Deslapky maglumatlara görä, otly näbelli bir zada urlupdyr. Wagonlaryň biri agdarylypdyr, ýene dört wagon bolsa relsden çykypdyr.
Prokuratura otlynyň sürüjisini barlagdan geçirip, onuň hiç hili gadagan serişdeleri ulanmandygyny mälim etdi. Wakanyň sebäpleri heniz anyklanylýar.
Wakanyň bolan ýerinde 140 sany halas ediji işleýär. Departament administrasiýasynyň başlygy hem halas ediş gulluklarynyň işini utgaşdyrmak üçin ol ýere bardy.
«Bu boýunça geçen metbugat brifinginde harby wekil ilkinji maglumatlarda 44 adamyň şikes alanandygyny, olaryň arasynda agyr ýagdaýda Ruan uniwersitet hassahanasyna äkidilen 18 ýaşly bir gyzyň hem bardygyny mälim etdi. Beýleki ýaralylaryň ýagdaýy ol diýen agyr däl» diýlip, habarda bellenilýär.