Ýaponiýada ýolagçy uçarda tapylan ýylan uçuşy ýatyrmaga mejbur etdi

Düýn, 07:1410,814

Ýaponiýanyň Fukuoka howa menzilinde uçaryň içinden uzynlygy, takmynan, 40 sm bolan ýylanyň tapylmagy gatnawlaryň biriniň ýatyrylmagyna sebäp boldy. Haly örtüginiň aşagynda gizlenen ýylany tutmak üçin bir güne golaý wagt sarp edildi diýip, Tengri Travel Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp ýazýar.

Waka 19-njy oktýabrda ATR 42 kysymly uçaryň uçuşa taýýarlanylýan wagtynda bolup geçdi. Uçar Simane prefekturasyndaky Izumo howa menzilinden Fukuoka gelipdi we sagat 12:50-de yzyna uçmalydy. Emma ýylanyň bardygy bilnenden soňky gözleg işleriniň uzaga çekmegi netijesinde awiakompaniýa gatnawy ýatyrmak kararyna geldi.

Japan Airlines toparyna girýän Japan Air Commuter awiakompaniýasynyň maglumatyna görä, ýylany ilkinji bolup tehnik işgärleriň biri görüpdir. Soňra süýrenijini tutmak üçin ýabany haýwanlara gözegçilik etmek boýunça hünärmen çagyrylypdyr.

«Biziň bilşimizçe, şu çaka çenli uçaryň ýolagçy bölegine ýylan giren wagty bolmandy» diýip, hatarly ýagdaý hakda eşiden kompaniýanyň wekilleri-de ör-gökden gelýär.

Şeýle-de bolsa, olar ýolagçylardan dörän oňaýsyzlyklar üçin ötünç soradyrlar.