Ýuwaş ummanda läheň ýahtany batyrdy: 4 deňizçi 18 sagatdan soň halas edildi

Düýn, 10:296,586
1 / 4

Ýuwaş ummanyň günorta böleginde kaşalot läheň "Tai Tam" atly ýahta zeper ýetirip, onuň batmagyna hem-de gäminiň ekipažynyň dört agzasynyň halas ediş salyna geçmegine sebäp boldy. Olar 18 sagatdan soň MV Sofrana Surville atly konteýner daşaýjy gämi tarapyndan halas edildi diýip, CBS News habar berýär.

Uzynlygy 15,8 metr bolan ýahta Norfolk adasynyň demirgazygyndan, takmynan, 463 kilometr uzaklykda ýüzüp barýarka, güýçli urga sezewar bolýar. Şol wagt ýahtanyň dolandyryş böleginde bolan awstraliýaly Jem­ma Kuperiň aýtmagyna görä, örän güýçli urgynyň zarby gämini şolbada bir tarapa süýşüripdir we zenanyň özüni bir gapdala zyňypdyr. Az salymdan ekipaž ýahtanyň çep tarapynda alty-sekiz sany kaşalot läheňini görüpdir.

Jem­manyň adamsy Jeremi Kuper urgy bolan pursady gäminiň aşaky böleginde eken. Onuň aýdyşy ýaly, ýahtanyň sag tarapyndaky dolandyryş enjamlary hatardan çykyp, gäminiň içini suw alyp başlapdyr. Fransuz deňizçisi Marten Žaffr hem gäminiň gabarasynyň birnäçe ýeriniň zeperlenendigini, aýna süýüminden ýasalan gurluşynyň çat açandygyny we dolandyryş ulgamynyň hatardan çykandygyny aýdýar.

Urgudan, takmynan, 30 minut geçensoň, ýerli wagt bilen sagat 13:00-da ekipaž gyssagly habar beriş enjamyny işe girizip, «Mayday» heläkçilik duýduryşyny iberýär. Deňizçiler birnäçe sagatlap gäminiň içine giren suwy el bilen daşyna çykaryp, hereketlendirijiniň suw sebäpli hatardan çykmagynyň öňüni almaga hem-de jaýryklary wagtlaýyn ýamamaga synanyşypdyrlar.

Giç agşam deňizçiler halas ediş salyna geçipdirler. Şonuň ýaly-da deňizçiler ýahtanyň olary özi bilen suwuň düýbüne çekmeginden howatyr edip, saly gämä birleşdirýän tanapy kesipdirler. Az salymdan "Tai Tam" ýahtasy doly suwuň aşagyna gidipdir.

Täze Zelandiýanyň harby-howa güýçleri halas ediş işlerini utgaşdyrmak we deňizçiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin heläkçiligiň bolan ýerine "P-8A Poseidon" kysymly gözegçilik uçaryny iberýär. Netijede, dört deňizçiniň ählisi ýekşenbe güni irden sagat 06:00-da "MV Sofrana Surville" konteýner daşaýjy gämisi tarapyndan halas edildi.