Finlýandiýanyň Otanmýaki obasynda Google kompaniýasynyň maglumat merkezini gurmak üçin tokaýyň çapylmagy, bu ýeri möjekleriň gelim-gidimli mekanyna öwürdi. Oba ýaşaýjysy Anni Rantanyň pikiriçe, bu ýagdaýa ýabany haýwanlaryň ýaşaýan tebigy gurşawyndan mahrum bolmagy sebäp bolan bolmaly.
Finlýandiýanyň Tebigaty goramak birleşiginiň ekology Mari Annalanyň berýän maglumatyna görä, Otanmýakide, takmynan, 150 müň agaç çapyp aýrylypdyr. Muhoz şäheriniň golaýynda bolsa ýene 250 müňe golaý agaç çaplypdyr. Bu ýerde kompaniýa 330 gektar tokaýy arassalap, topragyň üstki gatlagyny hem aýrypdyr.
Bu işler taslamalaryň daşky gurşawa ýetirjek täsirine hökmany baha bermek işi tamamlanmazdan öň geçirilipdir. Oktýabr aýynda Finlýandiýanyň ygtyýarnama we gözegçilik edarasy iki meýdançada hem işleri wagtlaýyn togtatmagy talap edipdir. Mari Annalanyň aýdyşyndan çen tutsaň, tokaýyň bikanun çapylmagy sebäpli, bu ýerlerden alnan agaçlary ony işläp bejerýän kärhanalara satmak bolmaýar.
Muhoz şäheriniň ýaşaýjylary hem tokaýyň arassalanan ýerinden akýan goňrumtyl suwuň Ouluýoki derýasyna guýýan kiçiräk derä düşýändigini habar berdiler. Anni Ranta häzir diňe bir ýabany haýwanlaryň ykbalyny däl, eýsem geljekde maglumat merkeziniň döretjek sesi zerarly özüni hem alada edýär. Ol, hatda obadan göçüp gitmek barada-da pikirlenip başlapdyr.
Google-yň Finlýandiýadaky ýolbaşçysy Antti Ýarwinen bolup geçen ýagdaý üçin ötünç sorap, kompaniýanyň hereketlerinde kanunçylyga öz düşünjesinden ugur alandygyny aýtdy. Google-yň wekilleri gözegçilik edarasynyň 6-njy oktýabrda iberen hatyny alandan soň, taýýarlyk işlerini togtadandyklaryny we edaranyň ähli talaplaryny ýerine ýetirjekdiklerini habar berdiler. Şeýle hem kompaniýa Muhozda suwuň hilini goramak üçin zerur çäreleri görmegi we 130 gektar meýdana agaç nahallaryny oturtmagy wada berdi. Emma tebigaty goraýjylar bu meýilnamalary ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin ýeterlik däldigini nygtaýarlar.
Maglumat merkezleriniň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmek we daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin ýörite töleg girizmek boýunça talap hatyna 93 müňden gowrak adam gol çekdi. Finlýandiýanyň Tebigaty goramak birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy Hanna Halmeenpýaýa Google-yň hereketlerini «aç-açan hetden aşmak» diýip häsiýetlendirdi. Ol şeýle diýmek bilen, kompaniýany Finlýandiýanyň hukuk ulgamynyň bildiren uly ynamyndan nähak peýdalanan hasaplaýar.
Iki meýdança hem Google kompaniýasynyň emeli aň üçin infrastruktura döretmäge gönükdirilen, umumy bahasy 13 milliard ýewro bolan taslamasynyň bir bölegidir. Bu Finlýandiýanyň taryhyndaky şeýle görnüşli iň iri taslama bolup durýar. Ýurduň hökümeti bu maýa goýumlaryny goldady, ýöne premýer-ministr Petteri Orpo tokaýyň çapylmagynyň özi üçin garaşylmadyk ýakymsyzlykdygyny belledi.
Häzirki wagtda Finlýandiýada täze maglumat merkezlerini gurmak boýunça meýilnamalaryň dürli tapgyrlarynda 145 taslama bar. Ýerleriň elýeterliligi, geosyýasy we geologik taýdan durnuklylyk, şeýle hem enjamlary sowatmak üçin energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýän salkyn howa şertleri bu ýurdy tehnologiýa kompaniýalary üçin «amatly nyşana» öwürýär.