Günorta Atlantik ummanynda ýerleşýän Zawodowski adasyna mundan beýläk dünýä boýunça pingwinleriň iň uly koloniýasynyň mekany diýip bolmaz. 2011–2025-nji ýyllar aralygynda adada höwürtgeleýän antarktika pingwinleriniň jübütleriniň sany 63 göterim azalyp, takmynan, 542 müňden 201 müňe düşdi.
Alymlar bu ýagdaýyň esasy sebäbi hökmünde ummanyň suwunyň gyzmagyny we kriliň — ownuk deňiz leňňeçleriniň azalmagyny görkezýärler.
Bu boýunça Britan Antarktika gullugynyň hünärmeni Norman Ratkliffiň ýolbaşçylygynda geçirilen barlagyň netijeleri Current Biology ylmy žurnalynda çap edildi.
Barlagçylaryň hasaplamalaryna görä, adadaky antarktika pingwinleriniň sany her ýyl ortaça 7 göterim azalýar. Bu ylma mälim bolan maglumatlaryň arasynda şol görnüşiň sanynyň iň çalt azalmagydyr. Häzirki wagtda pingwinleriň iň uly koloniýasy Ross deňziniň Adair burnunda ýerleşýär. Ol ýerde adel pingwinleri ýaşaýar.
Şol bir wagtyň özünde, Zawodowski adasynda altynsaç pingwinleriň sany artdy. 2011–2016-njy ýyllar aralygynda olaryň sany 28 göterim köpeldi, soňra bolsa durnuklaşdy. Häzirki wagtda adada hut şu görnüş agdyklyk edýär. Alymlar munuň Antarktikanyň bir ýerinde haýwanlaryň görnüş düzüminiň üýtgemegi bilen bagly şu wagta çenli hasaba alnan iň uly üýtgeşmeleriň biridigini belleýärler.
Antarktika pingwinleri, esasan, kril bilen iýmitlenýär. Emma suwuň gyzmagy we deňiz buzlarynyň azalmagy sebäpli, bu ownuk jandarlaryň sany hem kemelýär. Kriliň uly toparlary günorta tarap süýşüp, pingwinleriň olara ýetmegini kynlaşdyrýar.
Altynsaç pingwinler bolsa ýyly suwlara gowy uýgunlaşandyr we iýmitiň dürli görnüşleri bilen iýmitlenip bilýär. Alymlar koloniýanyň azalmagyna 2016-njy ýylda adada bolup geçen wulkan atylmasynyň sebäp bolandygy baradaky çaklamany hem ret etdiler.
Guşlaryň sanyny anyklamak üçin barlagçylar uçarmansyz uçarlardan, emeli hemra arkaly alnan suratlardan we pingwinleriň görnüşlerini tanamaga niýetlenen ýörite kompýuter algoritmlerinden peýdalandylar. 2023-nji ýylda alty alym guşlaryň ýumurtgalaryny basyrýan döwrüne gabatlap, adada üç günlük barlag geçirdi. Şeýle-de käbir pingwinlere hereketlerini yzarlamaga mümkinçilik berýän ýörite enjamlary dakdylar.
Häzirki wagtda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň sanawyna laýyklykda, antarktika pingwinleri ýok bolup gitmek howpy iň pes bolan görnüşleriň hataryna girýär. Emma Zawodowski adasyndaky koloniýanyň düýpli azalmagyny we Antarktidanyň beýleki sebitlerinde hem olaryň sanynyň kemelmegini göz öňünde tutup, barlagyň awtorlary bu görnüşiň geljekde ýok bolmak howpy abanýan görnüşleriň hataryna geçip biljekdigini çaklaýarlar.